news-img

02 Maý

2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat.

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy 

Merkezi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty

Araçäkleri: Berkararlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň S.Türkmenbaşy şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, şol ýerden B.Annanow köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli, Galkynyş köçesiniň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli araçäkleri öz içine alýar.

2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugy

Merkezi: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Araçäkleri: Berkararlyk etrabynyň Gündogar köçesiniň N.Halmämmedow köçesi bilen kesişýän çatrygyndan başlap, N.Halmämmedow köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, şol ýerden B.Annanow köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, Oguzhan köçesiniň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluna çenli, Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli, şol ýerden demir ýoluny kesip geçip, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen A.Gönübek köçesine çenli, A.Gönübek köçesiniň ugry bilen B.Annanow köçesine çenli, B.Annanow köçesiniň ugry bilen, Garagum derýasyna çenli, şol ýerden Garagum derýasynyň ugry bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň araçägine çenli, şol ýerden Ak bugdaý etrabynyň araçäginiň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýoluny kesip geçip, Gündogar köçesine çenli, Gündogar köçesiniň ugry bilen N.Halmämmedow köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.

6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy

Merkezi: Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdep

Araçäkleri: Köpetdag etrabynyň A.Garlyýew köçesiniň A.Nyýazow şaýoly bilen kesişýän çatrygyndan başlap, A.Garlyýew köçesiniň ugry bilen Oguzhan köçesine çenli, şol ýerden Oguzhan köçesiniň ugry bilen, N.Andalyp köçesine çenli, N.Andalyp köçesiniň 50, 52, 54/1, 54/2, 54/3, 54/4, 54/5, 54/6, 54/7-nji jaýlaryny, Täjir köçesiniň 5, 6, 7, 8, 10, 12-nji jaýlaryny we Oguzhan köçesiniň 96, 98/1, 98/2, 98/3, 98/4, 100/1, 100/2, 100/3-nji jaýlaryny öz içine alyp, Täjir köçesine çenli, Täjir köçesiniň ugry bilen S.Türkmenbaşy şaýoluna çenli, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugry bilen A.Nyýazow şaýoluna çenli, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen A.Garlyýew köçesine çenli araçäkleri öz içine alýar.