28 Few
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekilçilikli palatasynyň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň, şeýle-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasynyň, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat bolan 50 adam saýlawlara gatnaşdy.
Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Belarus Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň (oblastlaryň) we Minsk şäheriniň ýerli saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlarynyň 110-sy we uçastok saýlaw toparlarynyň 5411-si amala aşyrdylar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 24-nji, 25-nji fewralynda Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy I.W.Karpenkonyň geçiren metbugat maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.
Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň gutarnykly jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 6 million 913 müň 965 saýlawçydan 73,09 göterimi ses bermäge gatnaşdy.
Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, wekilçilikli palatanyň 110 deputaty mažoritar saýlaw ulgamynyň esasynda 5 ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti bilen saýlandy. Şeýle-de, ýerli Geňeşleriň deputatlarynyň hem 12514-si saýlandy.
