02 Ýan
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda beýik söz ussadynyň ynsanperwerlik, watançylyk edep-terbiýe mekdebine öwrülen edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. 2024-nji — luw ýyly beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener.
Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlary-myzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi.
