26 Dek
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Mary welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň geçiren mejlisiniň beýany esasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2023-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň saýlaw toparynyň düzümine üýtgetme girizdi.
Mary welaýatynyň saýlaw toparynyň doly düzümi saýtyň «Topar barada» diýen bölüminde ýerleşdirildi.
