08 Dek
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 7-8-nji dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Konstitusion özgertmeler we saýlaw ulgamy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata daşary ýurtlaryň merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň deputatlary, alymlar, merkezi saýlaw toparynyň bilermenler geňeşiniň agzalary, maýyplaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek boýunça iş topary, birnäçe döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli geçirilen «Konstitusion özgertmeler we saýlaw ulgamy» atly halkara ylmy-amaly maslahata online tertibinde gatnaşyp, maslahata gatnaşyjylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň merkezi saýlaw toparyny gutlady.
