news-img

22 Iýul

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek tamamlandy

Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça on gün öňünden ses bermek 22-nji iýulda sagat 14:00-da tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, öňünden ses bermek, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 23-nji iýulda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejek saýlawçylar üçin göz öňünde tutulandyr.

Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesi boýunça hasaba alnan 236 saýlawçydan 7,63 göterimi öňünden ses berdi.