18 Iýul
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şu günler bu möhüm syýasy çäre bilen baglanyşykly wagyz işleriniň çäklerinde, bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary guramaçylykly dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, badalga alan möhletinden öň ses bermek işleri hem guramaçylykly geçirilýär.
Şu ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Аba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly we milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen, ähli dalaşgärlere öz maksatnamalaryny saýlawçylara wagyz etmekde deň şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.
Dalaşgärler saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini geçirmek üçin berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklaryndan peýdalanyp, öz saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşýarlar. Dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklarynda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly olaryň terjimehaly bilen giňden tanyşmaga hem mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda dalaşgärler saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, olary özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdyrýarlar.
Dalaşgärler saýlawçylaryň özlerine bildiren ynamyny ödemek üçin yhlas etjekdiklerini, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerini ynandyryp, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler. Bu duşuşyklara milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Şeýle hem saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlaw hukukly raýatlar saýlaw hukuklaryndan peýdalanyp, saýlawlar gününden öň ses bermekleri üçin hem şertler döredildi.
Wagyz möwsümi şu ýylyň 22-nji iýulyna çenli dowam eder.
