27 Iýun
2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak 27-nji iýunda tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak işleri Aba Annaýew şäherçe saýlaw topary tarapyndan demokratik ýörelgelere laýyklykda amala aşyryldy. Bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, şeýle-de saýlaw möwsüminiň açyklyk, aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglary boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar ilatyň dykgatyna dowamly ýetiriler.
Şeýle-de, ýakyn wagtda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirip başlarlar.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Çünki, saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy geçirilýän wagyz işleriniň esasy maksady bolup durýar. Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
