news-img

22 Iýun

Аba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri 22-nji iýunda tamamlandy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji, 45-nji maddalaryna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji guramalary gatnaşdylar. Ähli saýlaw okruglary boýunça bir orna birnäçe dalaşgär hödürlendi, munuň özi bu saýlawlaryň bäsleşik esasynda geçjekdigini görkezýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Aba Annaýew şäherçe saýlaw topary tarapyndan dalaşgärleri bellige almak işleri 2023-nji ýylyň 28-nji iýunyna çenli dowam eder.