news-img

19 Iýun

Dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda,  dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň guramalary gatnaşýarlar.

Şu günler geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar tarapyndan hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde we ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alyp maslahatlaşylýar. Olaryň içinden ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşiň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenilýär.

Çykyş edenler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, il içindäki, işdeşleriniň arasyndaky abraýy, iş başarjaňlyk, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar.

Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň – 23-nji iýunyna, bellige almak bolsa, 2023-nji ýylyň –28-nji iýunyna çenli dowam eder.

23-nji iýulda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň binýadyny emele getirýän halkymyzyň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň subutnamasy bolar.