news-img

12 Iýun

Türkmenistan bilen Wengriýa döwletiniň arasyndaky geljegi nazarlaýan gatnaşyklar

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ýurdumyzda iki günlük resmi saparda boldy. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyk-larynyň has işjeňleşen döwründe türkmen-wenger hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň Türkmenistana sapary amala aşyrmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Döwletleriň Baştutanlary açylýan täze mümkinçilikleri, geljek üçin ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, türkmen-wenger gatnaşyklarynyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň syýasy ugry barada aýdyp, halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň Wengriýa bilen netijeli we köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini aýratyn belledi. Soňra, duşuşygyň netijeleri boýunça, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýle-de, saparyň dowamynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Wiktor Orbanyň nygtaýşy ýaly, tutuş dünýäde hem-de Wengriýada Türkmenistanyň okgunly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edilýär. Şeýle-de ýurduň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berilýär.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we bu meseläni has içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklara, degişli kommunikasiýa düzümini giňeltmäge, üstaşyr ulag geçelgeleri, ilkinji nobatda, Gündogar – Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmäge uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ýola goýlan türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Wengriýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary türkmen-wenger gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagynda möhüm esas bolar.