news-img

08 Iýun

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyr-makda ösüş hem rowaçlyk ýolundan ynamly öňe gadam urýar. Ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady.

Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisligini, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygyny köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik  ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyň­lygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň demokratiýalaşýandygynyň şöhlelenmesidir we netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Saýlawlar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir we raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça  okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary, şeýle hem şu ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we olaryň jemleri, şeýle-de, 23-nji iýulda  geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň barşy barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – ata Watanymyzda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem her ýylyň iýun aýynyň 12-sine bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy we tutuş türkmen halkyny tüýs ýürekden gutladylar.