06 Iýun
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär.
Aba Annaýew şäherçesiniň saýlaw hukukly raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny, saýlawçylaryň ses bermekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri üpjün etmek maksady bilen, Kärizek etrap saýlaw topary tarapyndan Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebinde ýerleşýän 1-nji saýlaw uçastogy döredildi. Bu saýlaw uçastogy Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň çägini öz içine alýar. Häzirki wagtda saýlaw uçastogynda jemi 213 sany saýlawçy hasaba alyndy.
Bu saýlaw uçastogynda öňünden ses bermek we saýlawlar güni ses bermek geçiriler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy hem-de bäsleşik esasynda geçiriler.
