02 Iýun
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan täze döredilen Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ulgamy, Arkadag şäher, Kärizek etrap, Aba Annaýew şäherçe we uçastok saýlaw saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary barada düşündirildi.
Şeýle-de, maslahatda 24-nji maýda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek we 3-nji iýunda başlanjak dalaşgärleri bellige almak möwsümi bilen baglanyşykly, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemegiň hem-de olary bellige almagyň tertibi we saýlaw resminamalarynyň, saýlaw býulletenleriniň görnüşleri, şeýle hem degişli saýlaw toparlary tarapyndan ses bermegiň netijeleri hakynda teswirnamalary düzmegiň tertibi barada giňişleýin düşünje berildi.
Geňeşler ýerli öz özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar.
Okuw maslahatynda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw toparlarynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
