news-img

24 Maý

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri hem dalaşgärleri hödürlemek işleridir. Şunuň bilen baglylykda, 24-nji maýdan dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz galanda tamamlanýar.  

Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna dalaşgär-leri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 24-nji maýy – 22-nji iýuny aralygynda geçiriler.