17 Maý
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatna- şyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygy aýratyn bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutan-lygynda halkyň köp asyrlyk milli gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenilip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Asyrlarboýy toplanyp gelen milli gymmat-lyklarymyz dünýä halklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar. Deňsiz-taýsyz taryhy-medeni gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulýar we olaryň üsti ýetirilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasymyzyň görnüşleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy. Bu barada ýurdumyza sapar bilen gelen hanym Golda El-Hurini hormatly Prezidentimize habar berdi we bu gymmatlyklaryň degişli güwänamalaryny gowşurdy. Bu şatlykly habar tutuş halkymyzda buýsanç duýgusyny oýardy.
Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň kämilligi bilen nesilden-nesle geçip, mynasyp dowam etdirilýändigine güwä geçýär.
Keşdeçilik sungaty hakynda söz açylanda, nusgawy şahyrymyz Mämmet- weli Keminäniň:
Meniň dilim, seniň eliň hünäri,
Nusga bolup galsyn ilden-illere —
diýen goşgy setirleri bada-bat ýadyňa düşýär.
Hawa, on barmagyndan dür dökülýän zähmetsöýer zenanlar bu tarypa aňryýany bilen mynasyp. Asylly, elleri işli ene-mamalarymyz özleriniň we nesilleriniň, ýagny ogul-gyzlarynyň egin-eşiklerini öz milli nagyşlarymyz salnan keşdeleri bilen bezäpdirler.
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirip, kämilleşdiren milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň döreden nagyşlary dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşan kämil medeni gymmatlyklaryň hatarynda meşhurdyr.
Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Munuň özi bilelikde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigine, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna güwä geçýär.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçir- megiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halky gadymdan gelýän milli gymmatlyklaryna aýawly garap, olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Bu ajaýyp işlere halkymyzyň baý durmuş tejribesi hem-de zähmeti siňendir. Halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryna bolan söýgüsi ýyl geçdigiçe artýar.
