l
12.10.2025
(2019-njy ýylyň 18-nji martyndaky ýagdaýa görä)
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeýär.
Şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine – möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy. Saýlawlar Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky karary esasynda, 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçiriler.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryndaky kararyna laýyklykda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsümi 2019-njy ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlandy.
Saýlawlar Türkmenistanyň raýatlarynyň işjeňligi ýagdaýynda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň 3-siniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň gatnaşmaklarynda, bäsleşik esasynda geçiriler.
Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 125-sinde geçiriler, şol sanda: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 16-synda, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 102-sinde geçiriler. Has takygy:
Ahal welaýatynda 32 saýlaw okrugynda, Balkan welaýatynda 10 saýlaw okrugynda, Daşoguz welaýatynda 27 saýlaw okrugynda, Lebap welaýatynda 33 saýlaw okrugynda, Mary welaýatynda 21 saýlaw okrugynda, Aşgabat şäherinde bolsa 2 saýlaw okrugynda geçiriler.
Şu güne çenli saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 222-si döredildi. Şol sanda:
Ahal welaýatynda 50, Balkan welaýatynda 10, Daşoguz welaýatynda 49, Lebap welaýatynda 41, Mary welaýatynda 58, Aşgabat şäherinde bolsa 14 saýlaw uçastogy döredildi.
Saýlaw uçastoklarynyň 143-si bilim edaralarynda döredildi. Has takygy:
Orta mekdeplerde 131-si, çagalar baglarynda 12-si, medeniýet edaralarynda 25-si, saglygy goraýyş edaralarynda 2-si, Geňeşleriň edara binalarynda 14-si, harby bölümlerde 18-si we beýleki edara-kärhanalaryň binalarynda 20-si döredildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň araçäkleri, saýlaw uçastoklarynyň merkezleri we araçäkleri baradaky maglumat, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawy we terjimehallary baradaky maglumatlar «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm), welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawlary bolsa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Ýetip gelýän saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) yzygiderli ýerleşdirilýär.
Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary guramaçylykly geçirmek işi Merkezi saýlaw topary, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher, okrug, geňeşlik, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary tarapyndan guralýar. Saýlaw toparlarynyň ählisiniň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw resminamalarynyň nusgalarynyň 30-sy taýýarlanyldy we bellenilen möhletlerde çap edilip, degişli saýlaw toparlaryna iberildi.
Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan, meýilnama laýyklykda, şu ýylyň fewral aýynda degişli saýlaw toparlarynyň agzalary we milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle-de welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň alyp barmagynda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi.
Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolar. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylaryň 357-si bellenildi we welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Şol sanda:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 68;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 25;
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 35;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 60;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 23;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 44;
Raýatlar toparlary tarapyndan 29;
Dalaşgärler tarapyndan bolsa 73 milli synçy bellenildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde tassyklanan, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 30-njy ýanwarynda başlandy, 28-nji fewralynda bolsa tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda geçirildi. Bu saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 7, welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 11, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 36, Geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgär, saýlawlaryň ählisi boýunça jemi 281 dalaşgär Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bellige alyndy.
Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 180-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 101-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has anygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 104;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 15;
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 61;
raýatlar toparlary tarapyndan 101 dalaşgär hödürlenildi.
Bu sanlar 31-nji martda geçiriljek saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşjekdigini aňladýar. Munuň özi saýlawlaryň köppartiýalylyk şertlerinde geçiriljekdigini we ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanjakdygyny görkezýär.
Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň her haýsynyň býulletenleriniň reňki biri-birinden tapawutly bolar. Gizlin ses berilýän kabinalar, üç görnüşli saýlaw gutulary taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň «Bizde Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna doly laýyk gelýän demokratik saýlawlary guramak we geçirmek boýunça oňat tejribe toplandy. Biz geljekki saýlawlary hem şol ülňülere doly laýyklykda, giň dalaşgärlik esaslarda, aç-açanlyk we aýanlyk şertlerinde, gizlin ses bermek arkaly geçireris» diýen pähim-parasatly nesihatyndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler we köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň syýasy durmuşynda demokratik ýörelgeleriň has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolar.
(Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary).
