l
12.10.2025
(2018-nji ýylyň 12-nji martyndaky ýagdaýa görä).
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny emele getirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini günsaýyn artýar.
Şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine - Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy. Saýlawlar Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky karary esasynda, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda, ýekşenbe güni geçiriler.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň geçen ýylyň 2-nji dekabryndaky kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi 2017-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlandy.
Saýlawlar Türkmenistanyň raýatlarynyň işjeňligi ýagdaýynda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň,Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň gatnaşmaklarynda, bäsleşik esasynda geçiriler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasynda «Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar» diýlip bellenilýär.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi Türkmenistanda raýatlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetde bolup geçýän ykdysady we syýasy özgerişliklere giňden çekmek barada döwlet syýasatynyň gyşarnyksyz alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda döredildi. Bu günki gün Demokratik partiýa milli ösüşiň syýasy, hukuk, ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer ugurly maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga ýakyndan gatnaşýan syýasy partiýa hökmünde çykyş edip gelýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylyň awgust aýynda döredildi. Bu partiýa ýurtda bazar-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegini, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini, telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegini, telekeçileriň hukuklarynyň goralmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini gazanmagy öz öňünde maksat edip goýýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda döredildi. Agrar partiýa ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan demokratik özgertmeleri goldamagy, oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegi, obalaryň ykdysady galkynyşyny gazanmaga ýardam bermegi maksat edinýär.
Bu syýasy partiýalar ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek hukuklaryndan peýdalanýarlar, saýlawlarda milli synçylary belleýärler, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürleýärler. Munuň özi syýasy partiýalaryň jemgyýetdäki ornunyň pugtalanýandygyny görkezýär.
Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 saýlaw okrugy, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň hersinde 40, jemi 240 saýlaw okrugy, ýurdumyzda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň 60-sy bolup, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň 1200-si, geňeşleriň 605-sinde geçiriljek geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa saýlaw okruglarynyň 5900-si döredildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri baradaky maglumat «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm), welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň araçäkleri we merkezleri baradaky maglumat ýurdumyzyň welaýatlarynyň gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi. Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilýän saýlaw okruglary baradaky maglumatlar hem welaýat gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Ýetip gelýän saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) yzygiderli ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek işi Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary, etrap, şäher saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlary, geňeşlik saýlaw toparlary, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary tarapyndan guralýar. Saýlaw toparlarynyň ählisiniň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Merkezi saýlaw topary tarapyndan gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň 11-si taýýarlanyldy, olaryň birnäçesi iki dilde -- türkmen, rus dillerinde, birnäçesi bolsa üç dilde -- türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edildi. Gollanmalar ýurdumyzyň dürli derejedäki saýlaw toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine, halkara we milli synçylara, beýleki gyzyklanýan watandaşlarymyza niýetlenendir.
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşdäki wideorolikleriň birnäçesi taýýarlanylýar we olar teleýaýlymlar arkaly ilatyň dykgatyna ýetiriler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habarlar, gepleşikler, makalalar yzygiderli berilýär. Şu güne çenli teleradioýaýlymlarda gepleşikleriň 16-sy, gazetlerde makalalaryň we habarlaryň 28-si halk köpçüligine ýetirildi.
Şu güne çenli saýlaw uçastoklarynyň jemi 2604-si: şol sanda Ahal welaýatynda 364-si, Balkan welaýatynda 272-si, Daşoguz welaýatynda 523-si, Lebap welaýatynda 559-sy, Mary welaýatynda 548-si, Aşgabat şäherinde bolsa 299-sy döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredildi. Saýlawçylaryň 23377-si daşary ýurtlarda ses berer. 2018-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli ýurdumyzda hasaba alnan saýlawçylaryň sany 3.286.138-e barabardyr.
Şu ýylyň ýanwar, mart aýlarynda Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilk guramalarynyň wekilleri bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlaw toparlarynyň agzalary bilen ýerlerde okuw maslahatlaryny geçirdiler.
Saýlawlar boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 4072-si welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Şol sanda, bellige alnan dalaşgärler tarapyndan 1109 synçylar bellenildi.
Milli synçylar bilen birlikde, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik esaslarda geçirilýändigine syn etmek üçin dünýäniň abraýly halkara guramalaryndan, ýagny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle-de daşary ýurt döwletlerinden halkara synçylary, garaşsyz synçylar, daşary ýurt döwletlerinden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelerler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary gatnaşdylar. Dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 24-nji ýanwarynda başlandy, 22-nji fewralynda bolsa tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak fewral aýynyň 3 – 27-si aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 284, welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 489, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570, Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär, saýlawlaryň ählisi boýunça 16558 dalaşgär bellenilen möhlelerde bellige alyndy.
Bu sanlar 25-nji martda geçiriljek saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär. Has takygy, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 91 okrugda 2 dalaşgär, 34 okrugda 3 dalaşgär, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1261 okrugda 2 dalaşgär, 179 okrugda 3 dalaşgär, Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 4485 okrugda 2 dalaşgär, 1415 okrugda 3 dalaşgär saýlawçylaryň köp sesini almak ugrunda, demokratik ýörelgelere laýyklykda bäsleşerler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 168-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 116-sy hödürlenildi we bellige alyndy. Has anygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 117;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 23;
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 28;
raýatlar toparlary tarapyndan 116 adam Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenildi.
Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy.
Bu saýlawlaryň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň köp dalaşgäriň hödürlenendigi bilen ozalky saýlawlardan tapawutlanýandygyny, şeýle hem dört saýlawyň bir günde geçirilýänligi bilen, ajaýyp bahar paslynda geçirilýänligi bilen, syýasy partiýalaryň üçüsiniň gatnaşmagynda geçýänligi bilen tapawutlanýandygyny belläp geçmek ýerliklidir.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň her haýsynyň býulletenleriniň reňki biri-birinden tapawutly bolar. Gizlin ses berilýän kabinalar, üç görnüşli saýlaw gutulary taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň «Demokratik saýlawlar türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerini dikeltmek ýolunda möhüm ädimdir» diýen pähim-parasadyndan ugur alnyp, ýurdumyzda saýlawlar halkara kadalaryna, milli kanunlarymyza we ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçiriler. Saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde guramaçylykly geçirilmegi raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolar.
(Merkezi saýlaw topary).
