l
12.10.2025
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoluny saýlap alan Türkmenistanda jemgyýetiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge, ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasat üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-njy ýylyň 25-nji noýabryndaky karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny 2018-nji ýylyň 25-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Saýlaw möwsümi 2017-njy ýylyň 4-nji dekabrynda başlandy.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda saýlaw okruglarynyň 7465-si döredildi. Has takygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si, şol sanda:
Ahal welaýatynda 15;
Balkan welaýatynda 10;
Daşoguz welaýatynda 27;
Lebap welaýatynda 28;
Mary welaýatynda 29;
Aşgabat şäherinde 16 saýlaw okrugy döredildi.
Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýurdumyzda saýlaw okruglarynyň jemi 240-sy, şol sanda:
Ahal welaýatynda 40;
Balkan welaýatynda 40;
Daşoguz welaýatynda 40;
Lebap welaýatynda 40;
Mary welaýatynda 40;
Aşgabat şäherinde 40 saýlaw okrugy döredildi.
Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça jemi 1200 saýlaw okrugy, şol sanda:
Ahal welaýatynda 160 saýlaw okrugy;
Balkan welaýatynda 260 saýlaw okrugy;
Daşoguz welaýatynda 220 saýlaw okrugy;
Lebap welaýatynda 220 saýlaw okrugy;
Mary welaýatynda 260 saýlaw okrugy;
Aşgabat şäherinde bolsa 80 saýlaw okrugy döredildi.
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Geňeşleriň 605-sinde geçirildi. Ýurdumyzda Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň jemi 5900-si, şol sanda:
Ahal welaýatynda 1000 saýlaw okrugy;
Balkan welaýatynda 393 saýlaw okrugy;
Daşoguz welaýatynda 1376 saýlaw okrugy;
Lebap welaýatynda 1426 saýlaw okrugy;
Mary welaýatynda bolsa 1705 saýlaw okrugy döredildi.
Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan:
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça döredilen okrug saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 1375;
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça döredilen etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 4241 wekil hödürlendi.
Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2604-si döredildi, şol sanda:
Ahal welaýatynda 364-si;
Balkan welaýatynda 272-si;
Daşoguz welaýatynda 523-si;
Lebap welaýatynda 559-sy;
Mary welaýatynda 548-si;
Aşgabat şäherinde 299-sy;
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda 39-sy döredildi.
Saýlaw uçastoklarynyň 1730-sy bilim edaralarynda döredildi. Has takygy:
Ýokary okuw jaýlarynda 19-sy;
Ýörite orta hünärment mekdeplerinde 29-sy;
Orta mekdeplerde 1468-si;
Çagalar baglarynda 214-si;
Saglygy goraýyş we beýleki edara-kärhanalaryň binasynda 835-si.
Saýlawlar dünýäniň we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan hödürlenilen milli synçylaryň 4072-si, şol sanda:
Ahal welaýatynda 577-si;
Balkan welaýatynda 435-si;
Daşoguz welaýatynda 843-si;
Lebap welaýatynda 873-si;
Mary welaýatynda 871-si;
Aşgabat şäherinde 473-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynda bellige alyndy we saýlawlaryň geçişini synlady.
Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň sany:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 591;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 311;
Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 392;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 665;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 253;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 525;
Raýatlar toparlaryndan 226;
Dalaşgärler tarapyndan bolsa 1109 milli synçy bellenildi.
Halkara synçylarynyň 142-si syn etdi.
Saýlawlaryň geçirilişine:
Birleşen Milletler Guramasynyň;
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň;
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň;
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň;
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň;
daşary ýurt döwletleriniň wekilleri, halkara we garaşsyz synçylary syn etdiler.
Dalaşgärleri hödürlemek 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda başlandy we 22-nji fewralynda tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak fewral aýynyň 3-inde başlandy we 27-sinde tamamlandy.
2018-nji ýylyň 25-nji martynda bolan saýlawlar ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň taryhynda iň köp dalaşgäriň bellige alnan saýlawlarydyr. Saýlawlarda dalaşgärleriň 16558-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has takygy:
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 284;
welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 489;
etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2570;
Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär bellige alyndy.
Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 10347-si;
raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 6211-si hödürlenildi.
Saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgär bäsleşdi. Has takygy:
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 91 okrugyň her birinde 2 dalaşgär, 34 okrugyň her haýsynda 3 dalaşgär;
welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 1261 okrugyň her birinde 2 dalaşgär, 179 okrugyň her birinde 3 dalaşgär;
Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 4485 okrugyň her birinde 2 dalaşgär, 1415 okrug boýunça her okrugda 3 dalaşgär bäsleşdiler.
Saýlawlar gününden öň ses bermek 2018-nji ýylyň 15--24-nji marty aralygynda geçirildi we 101106 saýlawçy ses berdi.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.
Ýurdumyzyň çäklerinde hasaba alnan 3.291.525 saýlawçydan 3.019.957 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 91,75 göterimi ses bermäge gatnaşdy. Has takygy:
09-00-da 791089 , 24,03 %,
11-00-da 1546049, 46,97 %,
13-00-da 2122176, 64,47 %,
15-00-da 2559503, 77,76 % ,
17-00-da 2841818, 86,34 % ,
19-00-da 3019957, 91,75 % göterim saýlawçy ses berdi.
Daşary ýurtlarda saýlawçylaryň 20001-si hasaba alnyp, şolardan 18362-si ses berdi.
Saýlawlara 18 ýaşy dolan ýaş saýlawçylaryň 62645-si gatnaşdy.
Ses berilýän jaýdan daşarda (saglyk ýagdaýy sebäpli) saýlawçylaryň 12834-si ses berdi.
Saýlawlarda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklarynyň 37-sinde ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata göni ýaýlymda görkezildi.
Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtyna jemi 170.969 adam seretdi, şol sanda jemi 24.377 adam bolsa on-line sahypasyna seredip gördi.
Saýlawlarda ýurdumyz boýunça bellige alnan 16558 dalaşgärden häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna 7465 adam saýlandy. Şol sanda:
284 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 125 deputat;
489 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlaryna 240 agza;
2570 dalaşgärden etrap, şäher halk maslahatlaryna 1200 agza;
13215 dalaşgärden Geňeşlere 5900 agza saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna hödürlenip, saýlanylanlar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 6128 dalaşgär hödürlenip, şolardan 3257-si;
Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 964 dalaşgär hödürlenip, 352-si;
Agrar partiýadan 3255 dalaşgär hödürlenip, 1358-si saýlandy.
Syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 10347-sinden 4967-si;
raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 6211 dalaşgärden 2498-si saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan 125 deputatyň 24,80 %;
welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlaryna saýlanylan 240 agzanyň 20,42 %;
etrap, şäher halk maslahatlaryna saýlanylan 1200 agzanyň 26,00 %;
Geňeşleriň agzalygyna saýlanylan 5900 agzanyň 22,05 % göterimi zenanlardyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlananlaryň 100 % hem ýokary bilimli adamlardyr.
Welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlananlaryň 92,08 % ýokary, 6,67 % ýörite orta, 1,25 % orta bilimli adamlardyr.
Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlananlaryň 79,41 % ýokary, 16,17 % ýörite orta, 4,42 % orta bilimli adamlardyr.
Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň 51,02 % ýokary, 32,27 % ýörite orta, 16,71 % orta bilimli adamlardyr.
Saýlawlarda saýlananlaryň 10,57 % 30 ýaşa çenli, 26,34 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 31,96 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 31,13 % 50 ýaşdan uly adamlardyr.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşan saýlaw toparlarynyň işjeň agzalarynyň sany 24 müňden gowrak adamdyr.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, hil taýdan ýokary derejede, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky merkezi topar.
