05 Dec
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti, uly geňeşçisi Dewid Lýuwisiň iş saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyga Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilleri we Merkezi saýlaw toparyň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar Türkmenistanyň saýlaw ulgamy, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işleri alyp barýan saýlaw toparlary, olaryň döredilişi we ygtyýarlyklary hem-de amala aşyrýan işleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň dowamynda syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärleri hödürlemegiň tertibi barada, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary barada giňişleýin düşünje berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda geljekde saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde peýdaly boljak şular ýaly duşuşyk-maslahaty geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýtdylar.
