news-img

19 Nov

Merkezi saýlaw topary täzeden döredildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde ykrar edilýän ynsanperwer, pähim-parasatly syýasaty esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär we saýlawlar demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň täze düzümi döredildi.

Merkezi saýlaw toparynyň ozalky düzümi 2019-njy ýylyň noýabr aýynda döredilipdi.

Merkezi saýlaw toparynyň täze düzümi 15 agzadan ybarat bolup, onuň agzalary ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlardyr, şeýle-de düzümiň 33,33 göterimi zenanlardyr.