news-img

26 Sept

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri ýakynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Halkara elektoral-saýlaw tejribesi  boýunça geçirilen foruma gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri foruma gatnaşan beýleki döwletleriň saýlaw toparlarynyň wekilleri bilen elektoral-saýlaw tejribesi barada pikir alyşdylar. Forumyň esasy maksadynyň biri hem saýlaw işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we häzirki zaman täzeçilligi ornaşdyrmakdan ybarat boldy.

Şeýle-de, forumyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri resmi duşuşyklara we beýleki çärelere hem gatnaşdylar.