news-img

20 Sept

Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek atly okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hünärmenleri  gatnaşdylar. Saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek bilen bagly geçirilen okuw maslahatynyň maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bu ugurda hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat.

Okuw maslahatyny halkara bilermeni Beruniý Alimow alyp bardy. Şeýle-de, okuw maslahatyna sanly ulgam arkaly halkara bilermenleri  Raşgo Kujel we Tomas Raýmer  gatnaşdy. 

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermenleri  saýlawlar geçirilende, saýlaw möwsümini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde — gazetlerde, žurnallarda, telewideniýede  şöhlelendirmegiň  usullary bilen baglanyşykly halkara tejribeleri barada giňişleýin düşünje berdiler. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem pikirleri, garaýyşlary diňlenildi. Maslahatyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.