news-img

27 June

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlarda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda ses bermekleri üçin hem ähli şertler üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek, saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlaw hukukly raýatlar saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastogynda ses berip bilerler!

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça öňünden ses bermek 2024-nji ýylyň 27-nji iýuyndan başlandy.

Öňünden ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlawlar güni — 7-nji iýulda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.