news-img

11 June

Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige almak 11-nji iýunda tamamlandy.

Dalaşgärleri bellige almak işleri 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» okrug saýlaw toparlary tarapyndan demokratik ýörelgelere laýyklykda amala aşyryldy. Bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, şeýle-de saýlaw möwsüminiň açyklyk, aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglary boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar ilatyň dykgatyna dowamly ýetiriler. Şeýle-de, ýakyn günlerde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirip başlarlar.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Çünki, saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy geçirilýän wagyz işleriniň esasy maksady bolup durýar. Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.