08 May
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary öz ýakynda geçiren mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça şu ýylyň 26-njy aprelinden saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi.
Saýlaw möwsümi – saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar, şol tapgyrlaryň iň möhümleriniň biri hem dalaşgärleri hödürlemek işleridir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 8-nji maýyndan başlap, dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.
Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri 2024-nji ýylyň 8-nji maýy – 6-njy iýuny aralygynda geçiriler.
Elbetde, saýlaw hukukly raýatlaryň arasyndan mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bolsa saýlawlaryň aýratyn ähmiýetli tarapydyr.
Häzirki wagtda bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär.
