15 Apr
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wagytlaýyn wezipesini ýerine ýetirijisi Tomisa Paowiç we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow şeýle-de, degişli adamlar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine seredildi.
