Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi
(gysga mazmuny)
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.
3-nji madda. 1984-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksini (Türkmenistan SSR Ýоkary Sowetiniň Wedomostlary, 1984-nji ýyl, № 35, 153-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini we böleklerini 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti administratiw jerimäniň möçberini kesgitlemegiň binýatlyk mukdaryny, şeýle hem administratiw tertipde salynýan jerimelerden gelýän serişdeleriň hasabyna döwlet edaralaryny maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny üç aý möhletde şu Kodekse laýyk getirmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.
№ 422-IV.
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda kodeksini ulanmagyň
tertibi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 87-nji madda)
1-nji madda. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi boýunça administratiw hukuk bozulma hasap edilmeýän hereket üçin 1984-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistan SSR-niň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksi boýunça administratiw temmisini bermek barada karar 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli möhlete ýerine ýetirilmedik bolsa, şol karar boýunça administratiw temmisi berlen adam şol temmiden boşadylýar, şol möhlete seredilmedik administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçilik bolsa bes edilýär.
2-nji madda. 1984-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistan SSR-niň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kodeksi boýunça berlen administratiw temmisini çekmedik adamlara temmi çäreleri şu halatlarda, haçan-da olara bellenilen temmi 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň degişli maddalarynda göz öňünde tutulandakydan ýowuz bolsa, olar soňky Kodekse laýyk getirilmäge degişlidir.
3-nji madda. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 321-nji maddasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
4-nji madda. Şu Kanun 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 18-nji dekabry.
№ 457-IV.
TÜRKMENISTANYŇ KODEKSI
ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY HAKYNDA
I BÖLÜM. UMUMY BÖLEK
1-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ ADMINISTRATIW HUKUK BOZULMALARY HAKYNDA KANUNÇYLYGY,
ONUŇ WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI
1-nji madda. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we onuň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň administratiw jogapkärçiligi belleýän we administratiw hukuk bozulma üçin temmi bermegi göz öňünde tutýan kadalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şu Kodekse girizileninden soň ulanylmaga degişlidir.
3. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy haýsy hereketiň (hereketsizligiň) administratiw hukuk bozulma bolýandygyny, administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça önümçiligiň (mundan beýläk – administratiw önümçilik) tertibini, administratiw jogapkärçiligiň esaslaryny we şertlerini kesgitleýär, administratiw hukuk bozulmany eden, günäli diýlip bilnen we şu Kodekse laýyklykda administratiw jogapkärçilige degişli bolan fiziki we ýuridik şahslar babatda ulanylyp bilinjek administratiw temmisiniň görnüşlerini belleýär.
4. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
2-nji madda. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň wezipeleri
1. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň wezipeleri administratiw hukuk bozulmalaryndan şahsyýeti goramak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, raýatlaryň saglygyny, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny, jemgyýetçilik ahlagyny goramak, daşky gurşawy, döwlet häkimiýetini amala aşyrmagyň bellenilen tertibini, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny, eýeçiligi gorap saklamak, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitlerini goramak bolup durýar.
2. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy kanunylygy berkitmäge we hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, raýatlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny takyk hem-de gyşarnyksyz berjaý etmek, beýleki raýatlaryň hukuklaryny, namysyny we mertebesini hormatlamak, öz borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetirmek, jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini duýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir.
3-nji madda. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygynyň ýörelgeleriniň ähmiýeti
Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygy şu Kodeksde görkezilen ýörelgelere esaslanýar, olaryň bozulmagy iş boýunça önümçiligiň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine, şeýle önümçiligiň barşynda çykarylan kararlaryň ýatyrylmagyna, şeýle hem toplanan materiallaryň subutnama güýji ýok diýlip bilinmegine eltýär.
4-nji madda. Kanunylyk ýörelgesi
1. Administratiw hukuk bozulma we onuň edilendigi üçin berilýän administratiw temmisi diňe şu Kodeks arkaly kesgitlenilýär. Şu Kodeksde bellenilen esaslardan we tertipden başgaça hiç kim administratiw temmisine ýa-da administratiw önümçiligi üpjün etmek çärelerine sezewar edilip bilinmez.
2. Administratiw temmi çäreleriniň ulanylmagy döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we şu Kodekse laýyklykda geçirilýär. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň kadalarynyň meňzeşlik boýunça ulanylmagyna ýol berilmeýär.
3. Kazyýetler, administratiw hukuk bozulmalary barada işe seredýän döwlet häkimiýet edaralary we Geňeşler (mundan beýläk – işe seretmäge ygtyýarly edara) hem-de olaryň wezipeli adamlary administratiw önümçilik geçirilende kanunlaryň berjaý edilmegini üpjün edýärler.
4. Administratiw hukuk bozulmalary üçin temmi çäreleri ulanylanda şu Kodeksiň talaplarynyň berjaý edilmegi ýokarda durýan edaralaryň we wezipeli adamlaryň yzygiderli gözegçiligi, prokuror gözegçiligi, şikaýat etmäge bolan hukuk we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki usullar bilen üpjün edilýär.
(2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 167-nji madda)
5-nji madda. Kanunyň öňündäki deňlik ýörelgesi
1. Administratiw hukuk bozulmalaryny eden şahslar kanunyň öňünde deňdir. Fiziki şahs milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan administratiw jogapkärçiligine çekilýär. Ýuridik şahs eýeçiliginiň görnüşine, ýerleşýän ýerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine, tabynlygyna, şeýle hem beýleki ýagdaýlara garamazdan administratiw jogapkärçiligine degişlidir.
2. Aýry-aýry döwlet wezipeli adamlar(Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry adamlar) babatda administratiw önümçiligi üpjün etmek çärelerini ulanmak we olary administratiw jogapkärçiligine çekmek şertleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks, Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky, 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 13-nji madda; 2023 ý., № 1, 5-nji madda; 2025 ý., № ..., ...-nji madda)
6-njy madda. Bigünälik prezumpsiýa ýörelgesi
1. Şu Kodeksde bellenilen tertipde işe seretmäge ygtyýarly edaranyň wezipeli adamynyň (mundan beýläk – ygtyýarly wezipeli adam) kanuny güýje giren karary bilen günälidigi subut edilýänçä we anyklanylýança administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan şahs (mundan beýläk – özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahs) bigünä hasap edilýär.
2. Administratiw jogapkärçilige çekilýän şahs özüniň bigünädigini subut etmäge borçly däldir. Bu düzgün şu Kodeksiň 321-nji maddasynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalaryna degişli edilmeýär.
3. Şu Kodeksiň kadalary ulanylanda administratiw jogapkärçilige çekilýän şahsyň günäkärdigi hakynda mesele boýunça ýüze çykan islendik şübhe onuň peýdasyna çözülýär.
(2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 7-nji madda)
7-nji madda. Adalatlylyk ýörelgesi
1. Administratiw hukuk bozulmany eden şahs babatda ulanylýan temmi adalatly bolmalydyr, ýagny administratiw hukuk bozulmanyň häsiýetine, onuň edilen ýagdaýlaryna laýyk gelmelidir, kanuny we esasly bolmalydyr.
2. Şol bir administratiw hukuk bozulma üçin hiç bir şahs iki gezek administratiw jogapkärçilige çekilip bilinmez.
8-nji madda. Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamak ýörelgesi
1. Administratiw önümçiligiň barşynda adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketler we kararlar gadagan edilýär, adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlaryň, şonuň ýaly-da şu Kodeksde göz öňünde tutulmadyk maksatlar üçin we adamyň özüniň gizlin saklanylmagy zerur diýip hasaplaýan şahsy häsiýetli maglumatlarynyň ýygnalmagyna, ulanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär.
2. Administratiw önümçiligiň barşynda döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň bikanun hereketleriniň netijesinde ýetirilen maddy we ahlak zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunmaga, bozulan hukuklar bolsa dikeldilmäge degişlidir.
9-njy madda. Şahsyýetiň eldegrilmesizligi ýörelgesi
1. Şu Kodeksde bellenenlerden başga esaslarda we tertipde hiç kim administratiw taýdan tutup saklanylmaga, getirilmäge, içeri işler edaralaryna ýa-da beýleki döwlet edaralaryna eltilmäge, şahsy gözden geçirilmäge we onuň ýanyndaky goşlar gözden geçirilmäge sezewar edilip bilinmez.
2. Her bir tutup saklanylan, getirilmäge sezewar edilen, eltilen adam bu hereketleriň esaslary we sebäpleri barada habarly edilmelidir. Bu barada prokurora ýazmaça habar berilýär.
3. Prokuror, içeri işler edaralarynyň ýa-da şu Kodeksde ygtyýarly edilen beýleki döwlet edaralarynyň wezipeli adamlary bikanun tutup saklanylan, getirilmäge sezewar edilen, eltilen ýa-da tussaglykda saklanylýan adamy haýal etmän boşatmaga borçludyr.
4. Administratiw önümçiligiň barşynda hiç kim gynamalara, zorluga we çemeleşmegiň ýa-da temmi bermegiň beýleki rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän görnüşlerine sezewar edilip bilinmez. Adamyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň erkiniň garşysyna olaryň hukuklaryny çäklendirýän hereketleriň edilmegine diňe şu Kodeksde gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ýol berilýär.
5. Administratiw temmi çäresi hökmünde özi babatda administratiw taýdan tussag etmek saýlanyp alnan, administratiw taýdan tutup saklanylmaga we getirilmäge sezewar edilen, şeýle hem eltilen adamy saklamak onuň janynyň we saglygynyň howp astynda goýulmagyny aradan aýyrýan şertlerde amala aşyrylmalydyr.
10-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi ýörelgesi
Administratiw önümçiligiň barşynda şahsy durmuşyň, şahsy we maşgala syrlarynyň goralmagy üpjün edilýär. Her bir adamyň şahsy goýumlarynyň we pul toplamalarynyň, hat alyşmalarynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, Internet we gaýry habarlarynyň gizlinligine hukugy bardyr. Administratiw önümçiligiň barşynda bu hukuklaryň çäklendirilmegine, eger bu Türkmenistanyň kanunçylygynda gös-göni bellenmedik bolsa, ýol berilmeýär.
11-nji madda. Eýeçiligiň eldegrilmesizligi ýörelgesi
1. Döwlet eýeçiligiň goraglylygyny kepillendirýär. Kanunda bellenenlerden başga esaslarda we tertipde hiç kim öz emläginden mahrum edilip bilinmez.
2. Emlägi we resminamalary almak, ulag serişdesini tutup saklamak we eýeçiligiň eldegrilmesizligine täsir edýän administratiw önümçiligi üpjün etmegiň beýleki çäreleri diňe şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ulanylyp bilner.
12-nji madda. Administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmak ýörelgesi
1. Döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, zähmetkeşler köpçülikleri administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, olaryň edilmegine ýardam berýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmaga hem-de aradan aýyrmaga, raýatlary ýokary düşünjelilik we düzgün-nyzamlylyk, kanunlary berk berjaý etmek ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýärler we amala aşyrýarlar.
2. Häkimler kanunlaryň berjaý edilmegini, döwlet we jemgyýetçilik tertibiniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek bilen welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň çäklerinde ähli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň administratiw hukuk bozulmalaryny duýdurmak boýunça işini utgaşdyrýarlar, administratiw toparlaryň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada toparlaryň we administratiw hukuk bozulmalaryna garşy göreş alyp barýan hem-de özlerine hasabat berýän beýleki edaralaryň işine ýolbaşçylyk edýärler.
13-nji madda. Önümçiligiň dili
Administratiw önümçilik döwlet dilinde alnyp barylýar. Zerur halatynda, iş boýunça önümçilige gatnaşýan we iş boýunça önümçilik alnyp barylýan dili bilmeýän adamlara ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde arz etmäge, düşündiriş bermäge, haýyşnama bildirmäge, şikaýat getirmäge, işiň materiallary bilen tanyşmaga, oňa seredilende çykyş etmäge, terjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuklary düşündirilýär we üpjün edilýär.
14-nji madda. Şaýatlyk düşündirişlerini bermek borjundan boşadylmagy
1. Hiç kim öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna (ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar) garşy düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň düşündiriş bermekden ýüz döndermäge haky bardyr we bu olary haýsydyr bir jogapkärçilige eltmeýär.
15-nji madda. Professional ýuridik kömege bolan hukugyň üpjün edilmegi
1. Administratiw önümçiligiň barşynda her bir şahsyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda professional ýuridik kömegi almaga hukugy bardyr.
2. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda professional ýuridik kömek tölegsiz berilýär.
16-njy madda. Administratiw önümçiligiň aýanlygy
1. Işe seretmäge ygtyýarly edaralar administratiw önümçiligi açyk amala aşyrýarlar.
2. Döwlet syrlaryny öz içine alýan maglumatlary bolan işler babatda, şeýle hem şahsy, maşgala, täjirçilik ýa-da kanun arkaly goralyp saklanylýan beýleki syrlary, adamyň şahsy durmuşynyň syrly taraplary barada maglumatlary saklamagyň zerurlygyna ýa-da açyk seljerişe päsgel berýän beýleki ýagdaýlara salgylanýan iş boýunça önümçilige gatnaşýan adamyň degişli haýyşnamasy işe seretmäge ygtyýarly edara tarapyndan kanagatlandyrylanda administratiw önümçilik ýapyk tertipde amala aşyrylýar.
3. Adamyň şahsy hat alyşmalary we şahsy telegraf habarlary açyk önümçilikde diňe aralarynda bu hat alyşmalar bolup geçen we telegraf habarlary alşylan adamlaryň razylygy bilen yglan edilip bilner. Başga halatlarda bu adamlaryň şahsy hat alyşmalary we şahsy telegraf habarlary ýapyk önümçilikde yglan edilýär we barlanylýar. Görkezilen düzgünler adamyň şahsy durmuşy barada maglumatlary bolan foto-kinoresminamalar, audio-wideoýazgylar barlanylanda hem ulanylýar.
4. Iş boýunça önümçilige gatnaşýan, şeýle hem açyk önümçilikde bolýan adamlaryň önümçiligiň barşyny ýazmaça belläp almaga hukuklary bardyr. Önümçiligiň barşynda audio-wideoýazgynyň edilmegine, kino-fotosurata düşürilmegine, göni tele-radiogepleşikleriň alnyp barylmagyna iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň razylygy bilen ygtyýarly wezipeli adamyň rugsat bermegi boýunça ýol berilýär. Bu hereketler önümçiligiň kadaly barşyna päsgel bermeli däldir we wagt boýunça çäklendirilip bilner.
17-nji madda. Şahsyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagy
1. Hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagyna her bir şahsyň hukugy bardyr. Bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklarynyň, azatlyklarynyň ýa-da kanun arkaly goralýan bähbitleriniň goralmagy üçin gyzyklanýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
2. Prokuror üstüne ýüklenilen borçlary amala aşyrmak maksady bilen fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
3. Administratiw hukuk bozulma barada işleriň kanunda göz öňünde tutulan kazyýete degişliligi hiç bir şahs babatda onuň öz razylygy bolmazdan üýtgedilip bilinmez.
18-nji madda. Önümçiligiň barşynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi
Administratiw önümçilik işe seredýän edaranyň kadaly işlemegini we iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde alnyp barylýar. Howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ygtyýarly wezipeli adam administratiw önümçiligi alyp baranda oňa gatnaşmaga isleg bildirýän adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlamak barada buýruk berip biler.
19-njy madda. Iş ýörediş hereketlerine we kararlaryna şikaýat etmek erkinligi
1. Ygtyýarly wezipeli adamyň administratiw hukuk bozulma barada işe seretmek boýunça hereketlerine we kararlaryna şu Kodeksde bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
2. Iş boýunça önümçilige gatnaşýanlaryň şu Kodeksde bellenilen tertipde administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara täzeden seredilmegini talap etmäge hukugy bardyr.
(doly mazmunyny ýükläp alyň)
